Bilip Bolmaz

Ne hünäri bar ýigidiň 

Garyplykda bilip bolmaz; 

Garyplyk bir şum owkatdyr, 

Kaza ýetmeý, ölüp bolmaz. 

 

Görmän dünýäniň lezzetin, 

Çekmän ahyret mähnetin, 

Eýäm bermegen döwletin 

Dogum bilen alyp bolmaz. 

 

Owwalda olsaň hub idi, 

Bermişem pendi-öwüdi, 

Özi bolmadyk ýigidi 

Märekäge salyp bolmaz. 

 

Mert ýigitler hiç ölmese, 

Namart dünýäge gelmese, 

Zaty bigaýrat (bolmasa), 

Il derdinden galyp bolmaz. 

 

Magrupy çeker ahy-zar, 

Meniň istegenim didar, 

Ýaman bendeden Hak bizar. 

Ýagşydan aýrylyp bolmaz.